Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory Pirli Kepbanowyň bellemegine görä, Aşgabatda dörediljek Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezi Merkezi Aziýa döwletlerine oba hojalyk önümçiligine we suw hojalygyna täsir edýän serhetüsti meseleleri bilelikde çözmäge mümkinçilik berer.
Ol bu merkezi döretmek başlangyjynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda öňe sürlendigini ýatlatdy.
«Bu merkeziň binýadynda sebit döwletleri oba hojalyk önümçiligine we suw hojalyk düzümlerine täsir edýän serhetüsti meseleleri çözmekde hyzmatdaşlyk edip bilerler. Bu bolsa sebit kuwwatyny birleşdirmäge we daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge ýol açar» diýip, Kepbanow sözleriniň üstüni ýetirdi. Onuň bu baradaky pikirleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.
Institutyň direktorynyň aýtmagyna görä, Türkmenistan bu merkezi paýtagtda ýerleşdirmek üçin ygtybarly ylmy binýada eýedir. Ýurtda çölleri öwrenmek babatda köp ýyllyk tejribesi bolan ýöriteleşdirilen ylmy-barlag institutlary işleýär.
«Ýer ýüzünde şeýle ugurly bary-ýogy dört sany ylmy institut bar we olaryň biri-de Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutydyr» diýip, Kepbanow belledi.
Ol taryhy taýdan hut Türkmenistanyň çäginde Merkezi Aziýa sebiti we oňa goşny ýurtlar üçin çölleri öwrenmek ylmynyň öňdebaryjy merkeziniň ýerleşendigini nygtady. Onýyllyklaryň dowamynda bu ýere dünýä derejesindäki alymlar we hünärmenler möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin geldiler.
«Hytaýyň ilkinji çölleri öwrenijileri hem bu ylmy hut türkmen topragynda özleşdirdiler. Şu günki günde olar uly üstünliklere ýetdiler we özlerinden öňki hünärmenleriň geçen asyrda Türkmenistanda geçirilen şol döwür üçin üýtgeşik barlaglaryň netijesinde degişli bilimleri we ukyplary alandyklaryny minnetdarlyk bilen ykrar edýärler» diýip, alym sözüniň üstüne goşdy.
Bu ýerde Ýewraziýanyň hünärmenleriniň birnäçe nesli kemala geldi we olar häzirki wagtda öz ýurtlarynda işlerini dowam etdirýärler. Institutyň işiniň dowamynda dünýäniň 35 döwletinden 40-dan gowrak ylmy we hökümet guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
Häzirki wagtda milli institut Hytaýyň Sinýan ekologiýa we geografiýa instituty, Russiýanyň A.N.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa federal ylmy merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, şeýle hem Merkezi Aziýanyň birnäçe uniwersitetlerinden hyzmatdaşlyk tekliplerini alýar.
