12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda abraýly nemes ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda nobatdaky möhüm okuw seminaryna badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
16-njy ýanwara çenli dowam etjek bu halkara çäräniň barşynda ösen bilim usullaryny okuw işine giňden ornaşdyrmaga, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň halkara hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de özara tejribe alyşmaga aýratyn üns berler.
Seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylara halkara derejeli degişli şahadatnamalar gowşurylar.
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamanyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýanyň Galle-Wittenbergdäki Martin Lýuter uniwersiteti hem-de Klaustaýl Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.
2025-nji ýylyň 2 — 5-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binasynda «Durnukly energiýa ulgamlary: Gaýtadan dikeldilýän tehnologiýalaryň esaslary we ulanylyşy» atly okuw seminary geçirildi.
