Hindistanyň ýaşaýjysy Lawika Gupta öz adamsyny we onuň dogan-garyndaşlarynyň üçüsini nika baglaşylanda aldandygy üçin polisiýa berdi. Zenanyň sözlerine görä, durmuşa çykjak ýigidiniň gür saçlydygyny aýdyp aldan ekenler, emma toýdan soňra gelinlik onuň keldigini we ýasama saç geýinýändigini bilipdir. Bu barada «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Lawika toýdan öň durmuşa çykjak ýigidiniň daşky keşbi, bilim we maliýe derejesi babatda aldanandygyny aýdýar. Şol sanda Jaýn atly ýigidiň telekeçilik boýunça bakalawr derejesiniň ornuna diňe mekdebi tamamlandygy belli bolupdyr, 20 müň dollar girdeji alýandygy barada aýdylanlar ýalan bolup çykypdyr.
Gupta, esasan, özüniň ýigidiniň gür, sagdyn saçynyň bardygyna ynanyp durmuşa çykandygyny, emma onuň keldigini ýasama saç bilen gizländigini aýdýar.
