Soňky onýyllyklarda meýdanynyň tas ýarysyny ýitiren А23а buzdagy (aýsbergi) golaý günlerde ýa-da hepdelerde doly ýumrulyp biler diýip, ABŞ-nyň NASA kosmos edarasynyň alymlary duýdurýarlar. Hemra synlamalary arkaly buzdagyň üstünde uly gar suw meýdanlary döräpdir, NASA buzdagy köp wagt bäri öwrenýän alymlar üçin munuň gynançly ýagdaýdygyny belledi diýip, «MIR 24» habar berdi.
А23а buzdagy 1986-njy ýylda 4170 inedördül km meýdan bilen Filhneriň buzlugyndan bölünip aýryldy. Soňky onýyllyklarda kem-kemden kiçeldi we 2025-nji ýylyň dekabrynda özüniň ilkibaşky meýdanynyň 67 göterimini ýitirdi. Häzir ol Günorta Atlantikada ýüzüp ýör.
