Turkmenportal logo
13.01.26
5343653436
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty boş iş orunlary barada yglan etdi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2025–2026-njy okuw ýylynyň II ýarymy üçin aşakdaky boş iş orunlary açyldy:

iňlis dili we edebiýaty mugallymy – 3 orun (daşary ýurt dilleri kafedrasy üçin);

rus dili we edebiýaty mugallymy – 1 orun (daşary ýurt dilleri kafedrasy üçin);

himiýa mugallymy – 1 orun (himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasy üçin);

nemes dili we edebiýaty mugallymy – 1 orun (roman-german dilleri we edebiýaty hem-de olary okatmagyň usulyýeti kafedrasy üçin);

pedagogika mugallymy – 1 orun (pedagogika we bilim kafedrasy üçin).

Institutyň salgysy:

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Şabende köçesi, 7.

Arzalary kabul etmegiň möhleti: 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwaryna çenli.

Bäsleşigiň geçiriljek seneleri: 2026-njy ýylyň 28–30-njy ýanwary.

Boş iş orunlary boýunça bäsleşige gatnaşmak üçin aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:

Hünäri boýunça ýokary bilimli (hünärmen ýa-da magistr) tapawutlanan ýa-da oňat bahaly diploma eýe bolmaly;

Hünäri boýunça azyndan 3 ýyl mugallymçylyk iş tejribesi bolmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenmelidir:

Rektoryň adyna ýazylan arza;

Ýokary bilim hakyndaky diplomyň asyl nusgasy;

Diploma goşundy / synag kitapçasyndan göçürme;

Soňky iş ýerinden häsiýetnama;

Şahsy anketasy;

Zähmet depderçesiniň nusgasy;

Pasportyň nusgasy.