Turkmenportal logo
Şu gün 17:51
28962896
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň çip öndürijileriniň sap girdejisi geçen ýylda 21 göterim artdy
Dünýäniň çip öndürijileriniň sap girdejisi geçen ýylda 21 göterim artdy
Surat: finratings.kz

Dünýäniň ýarymgeçiriji öndürijileriniň girdejileri geçen 2025-nji ýylda 21 göterim artdy we 793,4 milliard dollara deň boldy diýip, «Gartner» seljeriş kompaniýasynyň deslapky hasaplamalaryna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Şunda amerikan «Nvidia Corp.» çipmeýkeri öňdeligi saklamak bilen, «Samsung Electronics» günorta koreý kompaniýasyndan arany açdy we ýyllyk girdejisi 100 milliard dollardan agan ilkinji kompaniýa boldy. «Samsungyň» ýat çipleriniň satuwy geçen ýylda 13 göterim artdy.

 «SK Hynix» günorta koreý kompaniýasy sanawda üçünji orna düşdi. Ol  dünýä bazarynda paýy bary-ýogy 6 göterim bolan «Intel Corp.» amerikan kompaniýasyndan ozdy.

 «Emeli aň üçin çipler ýarymgeçirijiler bazarynyň görlüp-eşidilmedik göterilişini üpjün edýärler, olar 2025-nji ýylda umumy satuwlaryň üçden bir bölegini diýen ýaly düzdi. Bu 2026-njy ýylda EA infrastrukturasyna çykdajylaryň 1,3 trillion dollardan geçjekdigini nazarda tutsaň, has-da ösüş görkezer diýlip garaşylýar» diýip, «Gartner» kompaniýasynyň baş seljerijisi Rajiw Rajput aýdýar.