Turkmenportal logo
Düýn 17:03
93429342
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Frankfurtda taýgançaklyk sebäpli 100 howa uçuşy ýatyryldy
Frankfurtda taýgançaklyk sebäpli 100 howa uçuşy ýatyryldy

Germaniýanyň Frankfurt şäheriniň howa menzilinde gar we taýgançaklyk sebäpli 100 töweregi uçuş ýatyryldy, ýagdaýyň mundan beýläk-de ýaramazlaşmagyna garaşylýar diýip, «tagesschau.de» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Ýolagçylary öz uçuş ugurlarynyň ýagdaýyny öňünden anyklamaga hem-de howa menziline gelmek üçin köp wagt bölüp aýyrmaga çagyrýarlar.

 Germaniýa «Gunda» harasaty gar we buzly ýagyş getirdi. Käbir awtoulag ýollary, aýratyn hem Germaniýanyň günbatarynda, aýna ýaly doňup ýatyr. Käbir ýerlerde hereketiň kynlaşmagy zerarly dyknyşyk emele geldi. Ýol-ulag hadysalary-da döredi.

 Gyşky gulluklar üznüksiz tertipde işleýärler. Aşaky Saksoniýa we Gamburgyň demir ýollarynda otlularyň hereketine çäklendirme girizildi.

Mundan başga-da, ýaramaz howa sebäpli mekdepler ýapyldy.