Turkmenportal logo
Şu gün 16:47
34163416
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Altynyň bahasy taryhy rekord goýdy
Altynyň bahasy taryhy rekord goýdy

Altynyň bahasy iň ýokary taryhy derejeden artdy, söwdalaşyklaryň maglumatlaryna laýyklykda, ol üçlük unsiýa üçin 4,6 müň amerikan dollaryna deň boldy diýip, «NEWS.ru» habar berdi.

 Kümüşiň bahasy-da rekord derejä ýetdi, bir unsiýa üçin 83 dollar boldy.

Öň altyny goşmak bilen, gymmatbaha metallaryň bahasynyň 5-nji ýanwarda Wenesueladaky syýasy ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda, birdenkä gymmatlandygy habar berlipdi.

9-njy ýanwarda altynyň birža nyrhy iň ýokary taryhy derejäni täzeläp, birinji gezek üçlük unsiýa üçin 4500 dollardan hem geçdi.