Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän 105-nji synagyň (TOPIK) geçiriljekdigini yglan etdi.
Gyzyklanma bildirýän şahslar 14-nji ýanwardan 28-nji ýanwar aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna baryp, arza tabşyrmalydyrlar.
Synag üçin tölegiň möçberi 70 manat.
Synaga gatnaşmak baradaky giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmak, şeýle hem arzanyň nusgasyny ýükläp almak üçin ilçihananyň saýtyna girip bilersiňiz.
