Turkmenportal logo
Şu gün 12:53
80748074
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusuň Türkmenistandaky ilçihanasy Belarus Respublikasynda geçiriljek sergileriň we forumlaryň senenamasyny çap etdi
Belarusuň Türkmenistandaky ilçihanasy Belarus Respublikasynda geçiriljek sergileriň we forumlaryň senenamasyny çap etdi

Belarusuň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň resmi saýtynda 2026-njy ýylda Belarus Respublikasynda geçiriljek kongressleriň, sergileriň we kongress-sergi çäreleriniň senenamasyny çap etdi.

Halkara forumlara gatnaşmak isleýänleriň doly maglumat alyp bilmekleri üçin senenama çäreleri guraýjylaryň jikme-jik aragatnaşyk maglumatlary bilen üpjün edilipdir.

Mysal üçin, fewral aýynda «Bilim we kär», «Iş geýimi. Howpsuzlyk we zähmeti goramak», «Belarusuň arassaçylyk günleri» ýaly birnäçe halkara sergileriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Çäreleriň doly sanawy we olar baradaky giňişleýin maglumat bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.