Turkmenportal logo
Şu gün 12:36
55285528
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Witebsk» Türkmenistanyň ýygyndysynyň goragçysy Jumaýewiň klubdan gidýändigini mälim etdi
«Witebsk» Türkmenistanyň ýygyndysynyň goragçysy Jumaýewiň klubdan gidýändigini mälim etdi

Belarusyň «Witebsk» futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly goragçysy Wepa Jumaýewiň klubdan gidýändigini resmi taýdan habar berdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy mälim etdi.

«Oýnuň üçin sag bol, Wepa! Goşan goşandyň üçin minnetdarlyk bildirýäris we sport ýoluň indiki tapgyrlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris» — diýlip, metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Geçen möwsümde türkmen futbolçysy bu klubyň düzüminde 33 duşuşyga gatnaşyp, şol oýunlarda bir netijeli pas berdi. Oýunçynyň geljekki meýilnamalary barada häzirlikçe maglumat gelip gowuşmady.