Turkmenportal logo
Düýn 10:21
98419841
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagy ýylyň şygarynyň ady bilen geçirilýär
Türkmenistanda okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagy ýylyň şygarynyň ady bilen geçirilýär

Pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlaryny we maslahatlaryny geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda etrap, şäher maslahatlary «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen guraldy. Maslahatlarda 2025-2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynda bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik, usuly işleriň alnyp barlyşy barada seljerme çykyşlary diňlenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagyny guramaçylykly geçirmek hakynda» buýrugyna laýyklykda, ýurduň bilim edaralarynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň şu gün, 13-nji ýanwarda başlanjak ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen geçiriler. Ilkinji sapagy döwrebap, çuňňur mazmunly, has täsirli we netijeli, ýokary guramaçylyk derejesinde guramak we geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Milli bilim instituty tarapyndan degişli usuly maslahatlar işlenip taýýarlanyldy hem-de ýurduň bilim edaralaryna hödürlenildi.

Ilkinji sapakda okuwçylar we talyp ýaşlar bilen söhbetdeşlikler guralanda, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýylynyň dowamynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşlere beslenendigi, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky ajaýyp üstünlikler barada anyk delillere esaslanýan düşündirişler berler. 

Ilkinji okuw sapagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen bedewiniň waspyny ýetirýän, gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Bedew» atly ajaýyp goşgusyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyndan jümleleri okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň labyzly okamagy bilen jemleniler.