Turkmenportal logo
Düýn 00:56
1684916849
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Real Madrid» baş tälimçiniň çalşylýandygyny yglan etdi
«Real Madrid» baş tälimçiniň çalşylýandygyny yglan etdi

Madridiň «Realy» Habi Alonsonyň baş tälimçi wezipesinden gidýändigini mälim etdi. Hyzmatdaşlygy bes etmek baradaky karar taraplaryň özara ylalaşmagy esasynda kabul edildi.

Klub resmi beýanatynda Alonsonyň bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň toparyň ösmegine goşan goşandyny aýratyn belledi. «Realyň» ýolbaşçylary baskly hünärmeniň klubyň rowaýaty bolup galýandygyny we «Santýago Bernabeuda» hemişe eziz myhman hökmünde kabul ediljekdigini nygtady.

Toparyň täze baş tälimçisi Alwaro Arbeloa boldy. «Realyň» öňki goragçysy soňky ýyllarda klubyň akademiýasynda işläp, ýaşlar toparlary bilen uly üstünliklere eýe bolupdy. 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Arbeloa madridlileriň ikinji topary bolan «Kastilýa» ýolbaşçylyk edip gelýärdi.

Arbeloa tälimçi hökmünde «Realyň» dürli ýaşdaky düzümleri bilen çempionlyklary gazandy. Onuň iň uly üstünligi — 2022/2023 möwsüminde 19 ýaşlylar topary bilen bolupdy. Ol şonda topar bilen Ligany, Korol kubogyny we Çempionlar kubogyny utmagy başarypdy.

Arbeloa oýunçy hökmünde «Realda» 2009 — 2016-njy ýyllar aralygynda ýedi möwsüm oýnap, sekiz sany kubogy, şol sanda iki gezek Çempionlar ligasyny we Ispaniýanyň çempionatyny utdy.