Turkmenportal logo
12.01.26
1315713157
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-de 2025-nji ýylda BMG bilen hyzmatdaşlygyň netijelerini jemledi we geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň DIM-de 2025-nji ýylda BMG bilen hyzmatdaşlygyň netijelerini jemledi we geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk geçirdi.

Diplomatlar geçen ýylyň netijelerini jemlediler we şu ýylyň dowamynda alnyp baryljak geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurdunyň gatnaşmagynda sebit derejesinde maksatnamalaýyn we taslama işleriniň ilerledilmegine garalyp geçildi – diýip, Türkmenistanyň DIM habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşmalara aýratyn üns berildi.

Taraplar bu ugurda işjeň işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.