Turkmenportal logo
Düýn 17:37
94089408
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary işler ministri Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy 
Daşary işler ministri Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy 

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda sebitleýin we halkara meseleleriniň birnäçesine seredilip geçildi. Şonuň ýaly-da, gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda işleri durmuşa geçirmegiň nobatdaky ädimleri kesgitlendi.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna degişli meseleleriň hem üstünde durup geçdiler.