Turkmenportal logo
Düýn 16:16
1453314533
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn Toý Öýi» Ýewropanyň matalaryndan gelinlik toý köýneklerini ýörite biçüwde tikýär
«Altyn Toý Öýi» Ýewropanyň matalaryndan gelinlik toý köýneklerini ýörite biçüwde tikýär

«Altyn Toý Öýi» ýöriteleşdirilen gözellik salony Italiýadan we Fransiýadan getirilen matalardan gelinlik toý köýneklerini aýratyn biçüwde tikmek hyzmatyny ýola goýdy. Her bir köýnek gelniň islegine we sargyt eden biçüwine görä taýýarlanylýar, bu bolsa toý dabarasy üçin özboluşly lybas edinmäge mümkinçilik berýär.

Tikinçilik hyzmatyndan başga-da, salonda dürli görnüşdäki gelinlik we toý köýneklerini kärendesine berýär, şeýle hem milli türkmen lybaslaryny we däp-dessurlara bagyşlanan dabaralar üçin kürteleri hödürleýär. Bu ýerde toý we beýleki dabaraly çäreler üçin keşbi döretmekde ýöriteleşen hünärine ussat wizažistler we stilistler işleýärler.

Aýry bir ugur hökmünde erkekler üçin dellekhana – barberşop açyldy, ol ýerde ýigitler we myhmanlar saç deňletmek we ideg ediş hyzmatlaryny alyp bilerler.

Şunuň ýaly toplumlaýyn çemeleşme ýaşlaryň toýa taýýarlyk görmegini bir ýerde doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin: Tel: +99371 252645 / 906713
Salgysy: «Aşgabadyň Ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezi.
Sosial ulgamlardaky sahypasy.