Turkmenportal logo
12.01.26
5058250582
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» Antalýadaky türgenleşik ýygnanyşygynda Özbegistanyň çempiony bilen duşuşar

«Arkadag» futbol kluby Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň çäklerinde Özbegistanyň häzirki çempiony, Fergana şäheriniň «Neftçi» kluby bilen barlag duşuşygyny geçirer. Bu barada Özbegistanyň klubunyň metbugat gullugy habar berýär.

Çap edilen tertibe görä, duşuşyk 31-nji ýanwarda geçiriler.

«Täze möwsüme taýýarlygyň çäklerinde toparymyz Türkiýäniň Antalýa şäherinde birnäçe güýçli we tejribeli toparlara garşy barlag duşuşyklaryny geçirer» — diýip, «Neftçi» klubynyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Türkmen klubundan başga-da, «Neftçi» Azerbaýjanyň «Garabag», Sloweniýanyň «Alýuminiý», Ukrainanyň «Şahtýor» we «Aleksandriýa», şeýle hem Gruziýanyň «Dinamo» toparlary bilen barlag duşuşyklaryny geçirer.

«Arkadagyň» metbugat gullugy toparyň bu dostlukly duşuşyga gatnaşjakdygyny entek resmi taýdan tassyklamady.

Häzirki wagtda türkmen kluby Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna garşy AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşyklaryna taýýarlyk görýär. Üç gezek Türkmenistanyň çempiony bolan «Arkadag» dynç alyşdan ir çykyp, täze möwsüme taýýarlyga Olimpiýa stadionynda başlady. «Al-Nasr» bilen ilkinji duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabatda, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanynda geçiriler.