Turkmenportal logo
12.01.26
1972919729
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI biloňurgasyndaky agyry üçin bejergi alar
Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI biloňurgasyndaky agyry üçin bejergi alar
Surat: AP Photo / Abdeljalil Bounhar Король Марокко Мухаммед VI. Архивное фото

Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI biloňurgasyndaky agyry üçin bejergi aljakdygyny bu ýurduň «MAP» agentligine salgylanýan «Ria.ru» habar berdi.

 «Onuň Alyhezretleri Patyşa myşşa gysylmalary bilen utgaşykly bilindäki agyrylardan ejir çekýär» diýýän agentlik 62 ýaşly Patyşanyň saglyk ýagdaýyna howp abanmaýandygyny, emma bejergä we belli bir wagt dynç almaga mätäçdigini belleýär.

  1999-njy ýyldan bäri Marokkonyň tagtynda oturan Muhammet VI 2024-nji ýylyň dekabrynda sport bilen meşgullanýarka, egin süňküniň döwülmegi bilen bagly operasion bejergi aldy.