Turkmenportal logo
Düýn 14:30
1054510545
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Efiopiýada Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna başlandy
Efiopiýada Afrikanyň iň uly howa menziliniň gurluşygyna başlandy
Shutterstock/FOTODOM/ Homo Cosmicos

 Efiopiýanyň Bişoftu diýen ýerinde täze howa menziliniň gurluşygyna başladylar. Onuň düýbüni tutuş dabarasyna ýurduň Hökümet başlygy Abiý Ahmed gatnaşdy we ol taslamanyň Afrikanyň awiasiýa pudagyndan iň iri boljakdygyny belledi.

 Onuň sözlerine görä, täze howa menzili Efiopiýanyň yklymyň iň öňdebaryjy howa ugurlarynyň biri hökmündäki ornuny berkider. Howa menziliniň ýolagçy kabul ediş mümkinçiligi ýylda 110 million ýolagça golaý bolar.

 Bişoftu howa menzili ýurduň paýtagty Addis-Abebeden 45 km uzaklykda ýerleşip, dört uçuş-gonuş zolagyndan ybarat bolar.

 Umumy bahasy 10 mlrd dollar bolan taslama üçin serişdeleriň 2 milliard dollaryny «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasy, galan bölegini karzdarlar bölüp berer.