Turkmenportal logo
Düýn 12:18
1386313863
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň alymlary Ýer bilen Aýyň arasyndaky wagty sinhronlaşdyrmak üçin model döretdiler
Hytaýyň alymlary Ýer bilen Aýyň arasyndaky wagty sinhronlaşdyrmak üçin model döretdiler

Hytaýyň alymlary Ýer bilen Aýda wagty takyk sinhronlaşdyrmak üçin niýetlenen programma üpjünçiligini işläp düzdüler — diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, Aýdaky sagat Ýerdäki sagatdan günde takmynan 56 milliondan bir sekunt has çalt işleýär. Munuň sebäbi Aýyň dartyş güýjüniň has gowşak bolmagydyr. Bu tapawut örän ujypsyz bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen ýygnalyp, Aýda alnyp barylýan amallar üçin Ýeriň wagtynyň ygtybarlylygyny peseldýär.

Bu meseläni çözmek maksady bilen Nankindäki Szyszynşan astronomiýa obserwatoriýasynyň hünärmenler topary Aýyň pes dartyş güýjüni hem-de onuň kosmosdaky hereketini hasaba alýan ýörite modeli döretdi. Bu model Aýda bolup geçýän wakalary Ýerdäki sagat bilen takyk sinhronlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

«Astronomy and Astrophysics» ylmy žurnalynda çap edilen barlagyň maglumatlaryna görä, işlenip düzülen model 1000 ýyldan gowrak wagtlap birnäçe onlarça nanosekunt derejesindäki säwlik bilen ýokary takyklygy saklaýar.