Turkmenportal logo
12.01.26
1961519615
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wiktor Orban Wengriýanyň Hökümet başlyklygyna dalaşgär bellendi
Wiktor Orban Wengriýanyň Hökümet başlyklygyna dalaşgär bellendi
ТАСС/ Marton Monus/dpa/picture-alliance

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban ýurdy dolandyryjy «FIDES — Wenger raýat bileleşigi» partiýasyndan Hökümet başlyklygyna resmi dalaşgärlige hödürlendi. Karar partiýanyň Budapeştde geçen 31-nji gurultaýynda kabul edildi. Parlament saýlawlary 2026-njy ýylyň apreline bellendi diýip, «MIR 24» habar berdi.

 Gurultaýyň delegatlary Orbanyň kandidaturasyny biragyzdan goldadylar. Hökümet başlygy çykyşynda özüne bildirilen ynam üçin hoşallyk aýdyp, wezipesinde 20 ýyl soň hem ýurda ýolbaşçylyk etmäge taýýardygyny nygtady.