Turkmenportal logo
Düýn 20:58
36223622
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal geçelgesi boýunça işler alnyp barylýar
«Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal geçelgesi boýunça işler alnyp barylýar

Täze multimodal geçelgesini («Täjigistan— Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe») işjeňleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň metbugat merkezine salgylanýan «Howar»  neşiri ýazýar.

 Habarda bu täze multimodal geçelge boýunça 16 ýurduň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalaryň 54-e deňdigi, olaryň 27-siniň ikitaraplaýyndygy bellenýär.

Respublikanyň ady agzalan ministrligi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Litwa, Türkiýe, Bolgariýa, Moldowa, Estoniýa we beýleki birnäçe ýurtlar bilen halkara awtoulag gatnawlary boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklara-da gol çekmekçidigini habar berdi.