10-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 64-nji mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasynda görkezilen wezipelere laýyklykda Toparyň geçen ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berildi.
Mundan başga-da, Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasy tassyklanyldy. Ýokarda agzalan meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýylyň birinji ýarymynda öňde duran wezipelere aýratyn üns berildi.

