Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherde umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri bu çözgüdi oňlap, daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglaryny halkara görkezijilerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermelidigini belledi. Şeýle hem bu mekdebiň ýaşlary bakalawr, magistratura ýaly ugurlara ugrukdyrmakda ýöriteleşdirilen mekdep bolmalydygyny aýratyn nygtady.
Bu mekdebi tamamlan okuwçylar öz saýlan hünäriniň eýesi bolmakda uly mümkinçilige eýe bolarlar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmegi, dünýä ylmyna aralaşmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri degerli maslahatlaryny berdi hem-de hemmeleri täze ýyl bilen gutlap, kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

