Ýaponiýada Ýontama atly ala-mula pişik Kişi demir ýol stansiýasynyň başlygy wezipesine bellendi. 7-nji ýanwarda bolan wezipä giriş dabarasynda onuň boýnundan täze derejesini görkezýän tumarly boýunbag asdylar. Bu barada «Tokyo Weekender» gazetine salgylanýan «rg.ru» gürrüň berýär.
Ýurduň Wakaýama prefekturasyndaky Kisigawa demir ýol şahasy özüniň pişiklerden ybarat işgärler düzümi bilen meşhurdyr. 2007-nji ýyldan bäri ol ýerde pişikleri dürli wezipelere belleýärler. Bu bolsa gitdigiçe hatardan çykýan polat ýoly jahankeşdelik ýerine öwürmek arkaly, dikeltmäge mümkinçilik berýär.
Ady tutulan stansiýa gözegçi wezipesine bellenen ilkinji pişige Tama diýýärdiler, indi Tamanyň yzbasarlaryna hem onuň adyna eýerip at dakýarlar. Mysal üçin, Ýontama dördünji, Gotama bäşinji, Rokutama altynjy ýolbaşçy pişik boldy.

