Türkmenistanda çagalar üçin niýetlenen «Öýkelek godalajyklar» atly täze multfilmiň tanyşdyrylyşy boldy. Multfilm Täze ýyl ertekisiniň täsinliklerini we bilimiň peýdasy baradaky terbiýeçilik ähmiýetini özünde jemleýär.
Waka atanyň öz agtyklary Döwran bilen Gülnara olaryň çagalygynda bolup geçen bir hekaýany gürrüň bermegi bilen başlanýar. Täze ýylyň öňüsyrasynda çagalar Aýazbaba sowgat sorap hat ýazýarlar, ýöne ertirine hatlaryň ýitendigini bilip galýarlar. Döwran gije şol hatlary ogurlan dodalajyklary görendigini ýatlaýar.
Çagalar kömek sorap Akjemal enä barýarlar, ol bolsa öz jorasy — jadygöý Gümmür mamany tapmagy maslahat berýär. Enesinden ýol görkezýän altyn ýumagy alan Döwran bilen Gülnar jadygöýiň külbesine barýarlar. Ol bolsa çagalara girdenekleriň ýaşaýan Jadyly tokaýyna eltýän jadyly şary berýär.
Ýolda oglanjyk atdanlykda jadyly şary döwýär. Azaşan çagalar Goja çynaryň saýasynda penalaýarlar. Goja çynar bolsa ertesi güni olara girdenekleriň gowagyna barýan ýoly görkezýän kümüş ýapragy berýär.
Gowagyň agzynda olar Ýartygyulak bilen duşuşýarlar. Boýy gulagyň ýarysy ýaly bolan Ýartygulak olara boýlaryny kiçeltmek üçin ýörite melhem berýär.
Gowagyň içine giren çagalar godalajyklaryň Aýazbabadan öýkelidikleri üçin hatlary ogurlandygyny bilýärler — sebäbi Aýazbaba olara hiç wagt sowgat bermändir. Döwran bilen Gülnar godalajyklara ýazmagy öwredýärler we olar hem Aýazbaba öz hatlaryny ýazýarlar.
Minnetdarlyk hökmünde girdenekler ogurlanan ähli hatlary yzyna berýärler, Ýartygulak bolsa hatlary salgy boýunça çalt eltmäge kömek edýän jadyly Gyratyny berýär.
Hekaýa gahrymanlaryň ukyndan oýanyp, arçanyň aşagyndan arzuw eden sowgatlaryny tapmaklary bilen tamamlanýar.
Multfilmiň esasy ideýasy sowatlylygyň, terbiýeliligiň we düşünişmek ukybynyň islendik kynçylygy ýeňip geçmäge kömek edýändigi baradadyr.

