Turkmenportal logo
Düýn 11:04
1833518335
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylda Türkmenistanyň söwda toplumy bolçulygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir
2026-njy ýylda Türkmenistanyň söwda toplumy bolçulygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy boýunça 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilnamalarda içerki bazarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny, bahalarynyň durnukly derejesini mundan beýläk-de üpjün etmek, söwda ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has doly we netijeli ulanmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem meýilnamada öndürilýän önümleriň görnüşlerini, möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasy bolan milli halyçylyk sungatyny ösdürmek hem-de geljek nesillere ýetirmek ýaly işler bar.

Iş meýilnamasynda Döwlet haryt-çig mal biržasynda elektron söwdalary geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, Söwda-senagat edarasynyň sergileri we maslahatlary guramak boýunça işini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmak bilen, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligini artdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, milli harytlarymyzyň dünýä bazarlaryndaky ornuny giňeltmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi, içerki bazarlarda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny döretmek, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly we netijeli peýdalanmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda toplumy boýunça 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.