Zyýat Hil konditer dükanlarynyň ulgamy uly dabaralardan başlap, maşgala arasynda geçirilýän mähirli duşuşyklara çenli dürli çäreler üçin ajaýyp tortlary taýýarlaýar. Konditer kärhanasy doglan günler, ýubileýler hem-de beýleki ýatdan çykmajak seneler üçin tortlary taýýarlamakda ýöriteleşip, müşderilere olaryň dabarany nähili görýändigine doly laýyk gelýän aýratyn dizaýny hödürleýär.
Konditer dükanynyň ussat hünärmenleri ýokary hilli çig mallara aýratyn ähmiýet berýärler, munuň netijesinde her bir önüm diňe bir daşky görnüşi bilen däl-de, eýsem özboluşly tagamy bilen hem tapawutlanýar. Haryt görnüşleriniň arasynda krem gatlakly nusgawy biskwit tortlar, tebigy goşundyly ýeňil miweli görnüşler, şeýle-de täsin tagam öwüşginleri bilen tapawutlanýan häzirki zaman awtorlyk desertleri bar.

Zyýat Hil dükanynda çeper bezegler aýratyn orun eýeleýär. Konditerler tortlary çylşyrymly kompozisiýalar, iýip bolýan bezegler, şokolad düzüm bölekleri, ter miweler we ir-iýmişler bilen bezäp, her bir torty dabaranyň üns merkezine öwürýärler. Şeýle çemeleşme tortuň daşky görnüşi bilen birlikde tagamynyň hem myhmanlarda uly hoşallyk döretmegini üpjün edýär.
Konditer dükanlary dynç günsüz işleýär. Sargytlar her gün sagat 08:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär. 150 manatdan ýokary sargyt edilende Aşgabat we Gökdepe etrabyna eltip bermek mugtdyr.

Zyýat Hil dükanlarynyň salgylary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.

