Turkmenportal logo
Düýn 10:00
1377813778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli talyplaryň arasynda breýn-ring ýaryşy geçiriler
Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli talyplaryň arasynda breýn-ring ýaryşy geçiriler

16-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan talyplaryň arasynda breýn-ring ýaryşy geçiriler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen milli şygary astynda geçiriljek bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşarlar.

Ýaryşda her ýokary okuw mekdebinden alty talypdan ybarat bolan toparlar çykyş ederler.

Eminler toparlaryň bilimlerini, işjeňligini we çalt jogap bermek ukyplaryny bahalandyrarlar.

Ýeňijiler sylaglanyp, olar diplomatik işgärleriň güni mynasybetli 18-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek halkara maslahata we baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hukuk gazanarlar.