Watikanda Rimiň merkezinde ýerleşýän Palasso taryhy myhman öýi dört ýyldyzly myhmanhana öwürmek barada çözgüt kabul edildi. Bu barada «Il Messaggero» italýan gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Neşir öňki Rim Papasy Fransiskiň muňa garşy çykandygyny, emma indi Watikanyň XV asyra degişli taryhy binany hususy dolandyryjy kompaniýa kärendesine berip, myhmanhana öwürmekçi bolýandygyny ýazýar.
Bina 1970-nji ýyllaryň başlarynda Papa Pawl VI döwründe ýepiskoplar, ruhanylar we kardinallar üçin Rime sapar bilen gelenlerinde, arzan ýaşaýyş öýi bolupdyr.
Watikan ykdysady ýagdaýlar bilen bagly şeýle netijä geldi, sebäbi binany abatlamak üçin 60 million ýewro gerek, emma Keramatly tagtda beýle serişdeler ýok.
Palasso meşhur Nawonyň meýdançasyndan birnäçe ädimlikde ýerleşýär.

