Turkmenportal logo
Düýn 09:35
93209320
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG Azerbaýjanyň ykdysadyýetiniň 2,7 göterim artjakdygyny çaklaýar
BMG Azerbaýjanyň ykdysadyýetiniň 2,7 göterim artjakdygyny çaklaýarwww.interfax.ru

Birleşen Milletler Guramasy Azerbaýjanyň ykdysadyýetiniň üstümizdäki ýylda 2,7 göterim ösjekdigini çaklaýar. Bu barada guramanyň «World Economic Situation and Prospects 2026» nutugynda aýdylýar diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.

Nutukda Azerbaýjanyň JIÖ-niň tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberleriniň artmagynyň hem-de nebit däl pudakda mundan beýläkki ösüşiniň hasabyna ýokarlanjakdygy bellenýär.

BMG-niň hasaplamalaryna görä, geçen 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Respublikanyň JIÖ-i 1,6 göterim ösüş görkezdi.

 Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrligi 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň 2,9 göterim, orta ýyllyk hümmetsizlenmäniň 4,8 göterim artjakdygyny çaklaýar.