Turkmenportal logo
09.01.26
1393713937
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pekin iki ýylda emeli aňyň dünýä paýtagty bolmakçy
Pekin iki ýylda emeli aňyň dünýä paýtagty bolmakçyhttps://russian.beijing.gov.cn

 Pekiniň hökümeti emeli aňy ösdürmegiň iki ýyllyk maksatnamasy bilen tanyşdyrdy, oňa görä, şäher EA-nyň öňdebaryjy dünýä merkezine öwrüler diýip, «Kazinform» neşiri habar berdi.

 Resminamada Pekindäki EA-nyň bazalaýyn göwrümini 1 trillion ýuana (ABŞ-nyň 140 mlrd dollary) ýetirmek göz öňünde tutulýar. Emeli aňy ykdysadyýetiň iş pudagyna ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, uzak möhletli maýa goýumlary çekmek we ekoulgamlary goldamak ýaly wezipeler bellenýär.

 Pekiniň ösüş we özgertmeler boýunça munisipal geňeşiniň başlygy Ýan Sýuliniň aýtmagyna görä, esasy wezipe güýji 100 müňden gowrak çipler ýerleşdirilen hasaplaýjy klasteri we  EA ulgamynda täze kompaniýalary döretmeklige gönükdiriler.

 Hytaýyň Habarlar we kommunikasion tehnologiýalar akademiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2025-nji ýylyň sentýaryndaky ýagdaýa görä, ýurtda 5300 IT-kompaniýalar hasaba alnypdyr, bu dünýä görkezijisiniň 15 göterimini düzýär.