Turkmenportal logo
09.01.26
1531315313
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň 3-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy
Türkmenistan Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň 3-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdywww.newscentralasia.net

8-nji ýanwarda Astana şäherinde Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň (TCCI) 3-nji Baş Assambleýasy geçirildi. Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, bu çäre gurama agza döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylaryny, döwlet edaralarynyň we türki dünýäsiniň işewürlik toparlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Oňa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigi 2019-njy ýylda döredilip, ol Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletleriň arasynda söwda, senagat, maýa goýum, tehnologiýa we beýleki ugurlardaky ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine ýardam edýän halkara platforma bolup durýar.

Häzirki wagtda birleşigiň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan, Türkmenistan, şeýle hem Wegriýa girýär.

Assambleýanyň çäklerinde hökümet we halkara düzümleriniň wekilleriniň çykyşyny öz içine alýan resmi plenar mejlisi, şeýle hem Baş Assambleýanyň ýapyk mejlisi we wekiliýet ýolbaşçylarynyň ikiçäk duşuşyklary geçirildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türki dünýäniň ykdysady giňişligi şu günki günde 180 milliondan gowrak adamy öz içine alýar we ägirt uly senagat hem-de serişde mümkinçiliklerine eýedir. Şunuň bilen birlikde, sebitara söwdanyň umumy haryt dolanşygyndaky paýy häzirlikçe 10 göterimden hem azdyr, bu bolsa geljekde ösüş we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýokary mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Mejlisiň dowamynda taryhda ilkinji gezek Birleşige başlyklyk etmek gezegi Gazagystana berildi.

Günüň tertibiniň çäklerinde Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň ýanynda ýöriteleşdirilen komitetleri, şol sanda Logistika komitetini we Ýaş telekeçiler komitetini döretmek baradaky karar tassyklanyldy.

Mundan başga-da, Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewanyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň 3-nji Baş Assambleýasynyň gatnaşyjylary bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda türki döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem agza ýurtlaryň işewürlik toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de türki dilli ýurtlarda syýahatçylygy we syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, ulag-logistika ugurlary, senagat kooperasiýasy, sanlylaşdyrmak we innowasion çözgütleri, şol sanda emeli aňy ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türki döwletleriň guramasynyň çäklerinde ykdysady integrasiýany has-da çuňlaşdyrmaga we hyzmatdaş ýurtlar bilen amaly özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar