Şweýsariýada raýatlaryň samyrlardan arz-şikaýatlaryny kabul edilýän gyzgyn ugur açdyldy. Bu haýwanlaryň sanynyň çalt köpelmegi hem-de olaryň adamlar bilen gapma-garşylyklarynyň artmagy bilen baglydyr diýip, «MIR 24» ýazýar.
Maksatnama samyrlary atmazlyk arkaly goramaga gönükdirilendir. Her gün raýatlardan 10-a golaý şikaýat gelip gowuşýar. Köplenç adamlar suw gatlalara, ýollara we agaçlara zeper ýetirilmeginden arz edýärler. Ekologlar wakanyň bolan ýerine baryp, ýitgini hasaplaýarlar, emlägi goramak boýunça maslahat berýärler hem-de býujetden öweztöleginiň berilmegini guraýarlar.
Şweýsariýada samyrlaryň sany 2008-nji ýylda 1,6 müň bolanlygyndan 2022-nji ýylda 4,9 müňe çenli köpeldi. Bu san barha artýar. 1956-njy ýylda bu haýwanlaryň sanyny dikeltmek boýunça maksatnama işe goýberileninden bäri olaryň biri-de kanun esasynda atylyp ýok edilmedi.
Samyrlaryň ýitgi getirýändigine garamazdan, olaryň işi ekoulgama peýda berýär: gatlalar süýşgünleri bökdeýärler, samyrlaryň gurýan böwetleri bolsa derýalaryň biodürlüligini ýokarlandyrýar.

