Balkan welaýatynda gurlup ulanmaga berlen döwrebap dokma kärhanalary bu gün bökdençsiz hereket edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda öndürilen ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberi 226 million 700 müň manatlyga barabar boldy. Bu welaýat boýunça ýüplük öndürmekde 115 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär.
Häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlardyr tilsimatlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalarynda geçen ýylyň dowamynda dürli ölçeglerdäki ýokary hilli ýüplükleriň müňlerçe tonnasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi.

