Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden tikin fabriginiň agzybir zähmet topary 2025-nji ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemledi. Bu baýry kärhanada tamamlanan ýylda 15 million 730 müň manatlykdan gowrak iş edildi.
Şeýlelikde, ýyllyk önümçilik meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň dowamynda kärhanada degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmalary esasynda tikin önümleriniň 1 million 235-si taýýarlandy. Ekologiýa taýdan arassa nah matalardan tikilen, hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýan bu önümleriň aglabasy ýöriteleşdirilen lybaslardyr.

