Turkmenportal logo
09.01.26
1318513185
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanda ýer yrandy
Täjigistanda ýer yrandyhttps://tass.ru

Täjigistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary birnäçe sekundyň dowamynda güýçli bolmadyk ýerasty sarsgynlary duýdular diýip, TASS habar berdi.

 Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň Merkezi Aziýada seýsmologik işjeňligi yzarlaýan Seýsmologik çaklamalaşdyryş merkeziniň maglumatlaryna laýyklykda, ýer sarsgyny Duşenbe wagty bilen sagat 2:14-de boldy. Onuň ýurduň Daglyk Badahşan awtonom oblastynda hasaba alnan merkezindäki güýji 5,3 bala deň boldy. Ejir çekenler we ýykylan binalar barada habar ýok.