Turkmenportal logo
09.01.26
1883018830
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmengaz» gaz turbinaly hereketlendirijileri düýpli abatlamak boýunça tender-bäsleşigi yglan etdi
«Türkmengaz» gaz turbinaly hereketlendirijileri düýpli abatlamak boýunça tender-bäsleşigi yglan etdi

«Türkmengaz» döwlet konserni DG-90L2 kysymly sekiz sany gaz turbinaly hereketlendirijini düýpli abatlamak boýunça halkara tender-bäsleşigini yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde habar berilýär.

Tendere gatnaşmak üçin kompaniýalar doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny, bank maglumatlaryny we alyp barýan işi barada maglumatlary görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmalydyrlar. Offşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.

Tender resminamalarynyň bahasy GBS nazara almak bilen 1725 ABŞ-nyň dollary ýa-da şol bahanyň manatdaky möçberi. Tender teklipleri resmi bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda, emma iň soňky kabul edilýän gün ýerli wagt bilen sagat 16:00-dan gijä galman tabşyrylmalydyr.

Resminamalar şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, «Türkmengaz» döwlet konserni, Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirligi, 17.24a otagy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50