Turkmenportal logo
09.01.26
1817118171
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýada gaz partlamagy ýaşaýyş jaýyny weýran etdi: üç adam gurban boldy
Germaniýada gaz partlamagy ýaşaýyş jaýyny weýran etdi: üç adam gurban boldy

Germaniýanyň günorta-günbatarynda ýaşaýyş jaýynda gaz partlamasy esasynda üç adam ýogaldy. Waka 8-nji ýanwarda irden Albştadt-Taýlfingen şäherinde bolup geçdi we bir binany düýbünden weýran etdi hem-de goňşy binalara zeper ýetirdi diýip, Südwestrundfunk (SWR) teleradioýaýlym korporasiýasy habar berýär.

Polisiýanyň maglumatlaryna görä, halas edijiler harabaçylyklaryň aşagyndan 33 ýaşly erkek adamyň, 30 ýaşly aýal we olaryň kiçi ýaşly oglunyň jesedini alyp çykdylar. Şäheriň häkimi Roland Tralmer betbagtçylygyň deslapky sebäbiniň gaz partlamasydygyny tassyklady. "Bu biziň jemgyýetimiz üçin elhenç waka we biz pidalarara goldaw bermek üçin elimizden geleni edýäris" diýip beýan etdi.

Weýrançylyk sebäpli häkimiýetler goňşy jaýlaryň ýaşaýjylaryny ewakuasiýa etdiler. Olaryň arasynda saglygyna zeper ýetenler ýok, emma birnäçe binalar düýpli zeper çekdi. Polisiýa wakanyň takyk ýagdaýlaryny anyklamak üçin derňew geçirýär. Ýerli häkimiýetler ýaşaýjylary gaz enjamlaryny ulanmakda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge çagyrýar.