ABŞ-nyň NASA edarasy astronawtlaryň biriniň saglygyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda, «Crew-11» toparyny Halkara kosmos bekedinden gyssagly Ýere gaýdyp getirmekçi. Bu barada ABŞ-nyň Kosmos edarasynyň (NASA) başlygy Jared Aýzekman metbugat ýygnagynda habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Habarda ady gizlin saklanýan astronawtlaryň biriniň orbita toplumynda saglygynyň ýaramazlaşandygy aýdylýar. «Crew-11» topary «SpaceX» kompaniýasynyň gämisinde bekede 2-nji awgustda barypdy. Onuň düzümine NASA-nyň astronawtlary Zena Keldman we Maýk Finke, Ýaponiýanyň kosmos agentliginiň (JAXA) astronawty Kimiýa Ýui hem-de «Roskosmosyň» kosmonawty Oleg Platonow girýärler.
Amerikaly astronawtlar Zena Keldman we Maýk Finke penşenbede HKB-den kebşirleýiş işlerini geçirmek üçin açyk kosmosa çykmalydylar. Emma ol beketdäki ýagdaý sebäpli ýatyryldy.
NASA edarasynyň saglygy goraýyş we lukmançylyk boýunça baş hünärmeni Jeýms Polkuň sözlerine görä, astronawtyň saglyk ýagdaýy kadaly, şonuň üçin ony gyssagly ýagdaýda Ýere getirmek zerurlygy ýok.

