Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby birnäçe oýunçynyň özüniň esasy düzüminden çykyp gidendigini resmi taýdan tassyklady — diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär.
Köp ýyllaryň dowamyndan klubyň kapitany hökmünde çykyş eden, ýurdumyzda öz nesliniň iň gowy futbolçylarynyň biri hasaplanýan Elman Tagaýew (36 ýaşynda) topardan gidýär. Metbugat gullugynyň habarynda: «Ahal» FK-nyň we janköýerlerimiziň adyndan köp sagbolsun aýdýarys! #10 EL CAPITANO» diýilýär.
Tagaýewden başga-da, Alibek Abdyrahmanow (35 ýaşynda), Gurban Annaýew (30 ýaşynda) we Salim Umarow (24 ýaşynda) ýaly tejribeli oýunçylar topary terk etdiler. Klubyň metbugat gullugynyň habarynda ähli futbolçylara «çeken zähmediňe we yhlasyňa soňsuz minnetdarlyk bildirýäris» diýlen sözler bar.
Mundan ozal käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleri başga-da birnäçe esasy oýunçynyň – Bagtyýar Gürgenowyň, Hakmuhammet Bäşimowyň, Akmämmet Metdaýewiň, Azat Rahmanowyň we Begenç Mämmiýewiň topardan gitmeginiň mümkindigini habar beripdi. Ýöne «Ahalyň» metbugat gullugy bu maglumatlary tassyklamady, üstesine-de Gürgenow bilen täze möwsüm üçin şertnamanyň täzeden baglaşylandygyny belledi.
Şeýle hem ýatladyp geçsek, «Ahal» klubynyň baş tälimçisini çalşypdy. Welsähet Öwezowyň ýerine toparyň öňki ýaşlar toparynyň tälimçisi Eziz Annamuhammedow baş tälimçi wezipesine bellenildi. Öwezow bolsa «Ahal» ulgamynda baş tälimçiniň kömekçisi hökmünde işini dowam etdirer — diýip, klubyň metbugat gullugy Turkmenportala habar berip, muny tassyklady.
Öwezowyň ýolbaşçylygynda «Ahal» iki gezek Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna mynasyp boldy we iki gezek ýurduň Kubogynyň finalyna çykdy. 2024/25-nji ýylyň möwsüminiň AFC-2 Çempionlar ligasynda klub saýlama tapgyrda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» klubuny ýeňip, toparçalaýyn tapgyra çykdy.
Klub 15-nji ýanwarda dynç alyşdan çykýar. Türkmenistanyň çempionatynda transfer penjiresi fewralyň ahyryna çenli açyk bolar, bu bolsa kluba täze möwsüm üçin düzümi taýýarlamakda ýeterlik wagt berýär. Täze möwsüm däbe görä ýazda başlanýar. Tomusdan soň «Ahal» Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFC) guramagynda halkara duşuşyklaryna gatnaşar. Klubyň düzüminde güýçlendirme işleri dowam edýär, täze transferler barada maglumat ýakyn wagtda yglan ediler.

