Turkmenportal logo
08.01.26
1422914229
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nissan» awtoulaglarynyň satuwy soňky 30 ýyl bäri iň pes derejä düşdi
«Nissan» awtoulaglarynyň satuwy soňky 30 ýyl bäri iň pes derejä düşdihttps://www.gazeta.ru/auto/news/2026/01/07/27574549.shtml

 Ýaponiýada «Nissan» ulaglarynyň satuwy, geçen 2025-nji ýylda 30 ýylyň dowamyndaky iň pes görkezijä eýe boldy diýip, «Nikkei» habar berdi.

 Habarda «Nissan Motor» kompaniýasynyň täze ulaglarynyň satuwlarynyň geçen ýylda statistik maglumatlar ýöredilip başlanan 1993-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşendigi, şunda awtoulag kärhanasynyň içerki bazardaky paýynyň 10 göterimden hem pese gaçandygy bellenýär.

  Geçen ýyl «Nissan» içerki bazarda 2024-nji ýyldakydan 15 göterim az, ýagny 403 müň ulag satdy. Bazaryň bilermenleri ýapon kompaniýasynyň pes görkezijilerini täze kysymlaryň ýokdugy, maliýe kynçylyklary hem-de jemagat gopgunlary bilen baglanyşdyrýarlar.