7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar täze ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky altynjy mejlisiniň, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň we Türkmen-Pakistan işewürler forumynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Taraplar şu ýyl üçin meýilleşdirilýän ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlyk görmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, şu ýyl gol çekilmegi göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn resminamalaryň sanawyna seredilip geçildi.

