Turkmenportal logo
07.01.26
2113521135
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklandy
Türkmenistanda 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini hasam artdyrmak maksady bilen resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, welaýatlar boýunça 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklandy. Şeýle hem Oba hojalyk ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de welaýatlaryň häkimliklerine ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.