Turkmenportal logo
07.01.26
1445514455
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
30 müňe golaý türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi
30 müňe golaý türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Azerbaýjana syýahat eden türkmen jahankeşdeleriniň sany 30 müňe golaýlady. Bu barada «Report» ýazýar.

Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň 29 müň 761 raýaty Azerbaýjana syýahat etdi. Netijede, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýahat etmek maksady bilen Azerbaýjana baran raýatlarynyň sany boýunça üçünji ýeri eýeledi. Bu ugurda birinji orun Gazagystana (95,9 müň syýahatçy), ikinji ýer bolsa Özbegistana (56,7 müň) degişli.

Umuman alnanda, geçen ýylyň 11 aýynda Azerbaýjana Merkezi Aziýadan 202 müňden gowrak adam syýahat etdi. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň degişli döwründäkiden 23,3 göterim köpdür.