Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby N.Baýryýew Russiýa Federasiýasynyň Penza şäheriniň «Ylym we magaryf ylmy hyzmatdaşlyk boýunça halkara merkezi» tarapyndan geçirilen «Iň gowy ylmy iş — 2025» atly XXIII halkara ylmy-barlag bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň portalynda habar berildi.
N.Baýryýew bäsleşige hukuk ylymlary ugry boýunça «Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň hukuk esaslary we ony üpjün etmegiň aýratynlyklary» atly ylmy işi bilen internet arkaly gatnaşyp, II derejeli Diploma mynasyp boldy. N.Baýryýewiň ylmy ýolbaşçysy konstitusiýa hukugy kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty O.Suhanberdiýewadyr.

