Turkmenportal logo
05.01.26
1535515355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda awtomobil ulagynda ýük daşamaga berilýän ygtyýarnama üçin arzalar kabul edilip başlandy
Türkmenistanda awtomobil ulagynda ýük daşamaga berilýän ygtyýarnama üçin arzalar kabul edilip başlandy

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran karary bilen tassyklanan, «Awtomobil ulagynda daşamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Düzgünnama laýyklykda, fiziki we ýuridik şahslaryň bellenen görnüşdäki Ygtyýarnamany bermek hakynda arzalary kabul edilip başlandy. Bu barada awtoulag.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Arzalar sagat 10:00-dan 12:00-a çenli şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäher, Arçabil şaýoly, 126-njy jaý.

Ygtyýarnamanyň gowşuryş wagty: 15:00-dan 17:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+99312) 39-02-94; Faks: 39-03-66.

Ygtyýarnama üçin arzany tabşyrmagyň düzgünleri barada jikme-jik maglumaty ministrligiň resmi web saýtyndan almak mümkin.