Turkmenportal logo
04.01.26
2196021960
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 2026-njy ýylyň şygaryna we nyşanyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
Aşgabatda 2026-njy ýylyň şygaryna we nyşanyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

3-nji ýanwarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň hormatyna dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda şu ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek baglanyşykly meseleler dogrusynda gürrüň edildi.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Serginiň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň eserleri, haly önümleri, milli şaý-sepler, zehinli ussalaryň elinden çykan at esbaplary görkezildi. Şeýle hem sergide türkmen halkynyň Milli Lideriniň, döwlet Baştutanynyň galamyndan çykan eserlere uly orun berilmegi serginiň derejesini artdyrdy.

Häzirki wagtda türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleri, nusgalyk ösüş ýoly umumadamzat bähbidine gönükdirilýär. Ýurtda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi abadan durmuşy üpjün etmekde, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhuny pugtalandyrmakda, berkarar ýurtda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere mynasyp goşant goşmaga bolan gyzyklanmalary artdyrmakda ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda buýsançly çykyşlara giň orun berildi.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna biragyzdan Ýüzlenme kabul etdiler.