Turkmenportal logo
03.01.26
2179921799
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlady 
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlady 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gi Parmelene Şweýsariýa Konfedarasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. 

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmelene jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk hem öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.