Daşoguz şäherinde toplumlaýyn gurluşyk işleri işjeň dowam edýär. Bu alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna hem-de jemgyýetçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Daşoguz şäherinden Görogly etrabyna barýan awtoulag ýolunyň ugrunda birnäçe dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şol jaýlaryň üçüsi Daşoguz welaýatynyň Şawat etrabynyň «Gülüstan» geňeşligine degişli bolan «Parahat» obasyna barýan ýoluň gyrasyndaky ýer böleginde gurulýar.
Häzirki wagtda jaýlaryň çarçuwalary doly gurlup gutaryldy, käbirlerinde bolsa içki bezeg işleri alnyp barylýar. Bu desgalaryň ählisi hususy gurluşyk kärhanalarynyň güýji bilen gurulýar. Şol töwerekde köp sanly hususy ýaşaýyş jaýlary hem bina edildi.
Geçen ýylda amala aşyrylmagyna başlanan iri taslamalaryň hatarynda Daşoguzdan Köneürgenç şäherine barýan ýoluň ugrunda Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň täze administratiw binasynyň gurluşygyny hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goramak merkeziniň 400 orunlyk binasynyň düýbüni tutmak işlerini görkezmek bolar.
Mundan başga-da, geçen ýylda welaýat merkeziniň dürli künjeklerinde birnäçe hususy söwda we söwda‑dynç alyş merkezleri, dükanlar, dermanhanalar ulanyşa berildi.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, Daşoguz şäheri hem boş duran ýerleriň özleşdirilmegi, şeýle-de eýýäm bina edilen ýerleriň netijeli ulanylmagy arkaly toplumlaýyn ösdürilýär.

